Hajy Ýazmämmedow

Hajy Ýazmämmedow, 1983-nji ýylyň noýabr aýynyň 19-yna Tejen şäheriniň «Zähmet» daýhan birleşiginde eneden dogulýar. Ol orta bilimini obasyndaky 17-nji orta mekdepde
tamamlaýar. Aýdym aýtmaga bolsa heniz 9-njy klas wagty başlaýar, oňa aýdym aýtmakda iň ýakyn goldawy beren öz deň-duş dostlary we obadaşlary bolýar. 1999-jy ýylda ilkinji albomyny çykarýar we Hajynyň sungat äleminde ady tutulyp başlanýar.
Hajy 2001-nji ýylda öz saýlan ýary bilen bilelikde bagtly durmuşa gadam basýarlar we olaryň 4 gyz perzentleri bar.
Hajy Ýazmämmedow 2003-nji ýylda Türkmenistanyň halk hojalyk institutynyň (häzirki Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty) talyby bolup ýokary okuw jaýynda ýokary bilimine başlaýar we 2007-nji ýylda okuwuny tamamlaýar.
Ulydan kiçä köpler tarapyndan söýülip diňlenýän Hajy Ýazmämmedow şu wagta çenli jemi 20-a töweregi albom çykardy. Hajy türkmen halk aýdymlaryny aýtmakda hem ussat bagşy hasap edilýär.
 



  Музыка